JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Sport ulag merkezine bardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde ýaş türgenler üçin döredilen şertler, merkeziň ygtyýarynda bar bolan sport ulaglarynyň görnüşleri we olaryň tehniki aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sport ulaglarynyň birini dolandyryp, onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi. Awtoulag türkmen halkynyň Milli Lideriniň dolandyrmagynda çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini amala aşyrdy hem-de driftingiň dürli usullaryny ulanyp, sport ulagyny dolandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň ussatlygyny görkezdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Sport ulag merkeziniň ýolbaşçysy bilen söhbetdeş boldy hem-de merkeziň çäginde döredilen ugurdaş desgalar toplumynyň özboluşly şäherçä öwrülendigini belledi.

Bu ýerde ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýol-gözegçiligi gullugyna degişli birnäçe desgalaryň döredildi, onuň golaýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri hem-de gullukçylary üçin ýaşaýyş jaýlaryň gurluldy, şeýle hem bu ýerde medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen merkezi hereket edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşaýyş toplumlarynyň ýanynda awtomobil sportuna degişli desgalaryň we önümçilik toplumlarynyň gurulmagynyň maksadalaýyk hasaplanylmaýandygyny, ýaryş geçirilende ýokary tizlikde hereket edýän batly sesli awtoulaglaryň raýatlaryň rahatlygyny bozmazlygyny, şeýle hem bu ugra höwesek ýaşlaryň sanynyň artýandygyny nazara alyp, merkezi göçürmek teklibini öňe sürdi.

Merkeziň ýolbaşçysy Türkmen halkynyň Milli Liderine bu maslahatynyň taryhy ähmiýetiniň bardygyny belledi hem-de merkeziň ähli işgärleriniň we gullukçylarynyň adyndan sagbolsun aýtdy.

Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri täze toplumyň dörediljek ýeri kesgitlenilse, bu babatda öňe sürlen teklibi Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerbedebaşysyna ýetirjekdigini aýtdy we Sport ulag merkeziniň ýolbaşçysyna mundan beýläk-de uly ösüşleri we ýokary netijeleri gazanmagy ugrundaky asylly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Ýene-de okaň

Hyzmatdaşlygyň täze formaty: “Merkezi Aziýa-Beýik Britaniýa” daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygy

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisi 22-nji maýda Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa sapary: hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekildi

Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda 45 milliard dollarlyk taslamalary amala aşyrdy

Ata Watan Eserleri