DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary halkara meýdançalarynda alnyp barylýan konstruktiw özara gatnaşyklary nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Related posts

Almatyda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

Marynyň ýaşyl jemgyýeti Amerikan-Türkmen EKO-Festiwaly üçin ýygnandy

Ata Watan Eserleri

Iňlis konsul hytaýly gyzy halas etdi