JEMGYÝET

Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aýşe Berris Ekinjiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürilmeginiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem söhbetdeşler şu ýylyň dowamynda ýokary derejedäki meýilleşdirilen saparlara we duşuşyklara aýratyn üns berdiler.

Bulardan başga-da diplomatlar, ýangyç-energetika pudagyndaky türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň meselelerini jikme-jik ara-alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň depginini ýokarlandyrmagyň we energetika hem-de ulag pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirilmeginiň ýollary boýunça pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, Gündogar edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikde çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlede, taraplar halkara we sebitara gün tertibindäki meseleler barada pikir alyşdylar.

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Aşgabatda iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Dr. Dowran Orazgylyjow: “Makul Iňlisçe–Türkmençe” dil gollanmasy – intellektual başlangyç

Ata Watan Eserleri