DÜNÝÄ

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär

39 ýaşyndaky senator Jeýms Dewid Wens 5-nji noýabrda geçiriljek ABŞ-nyň prezident saýlawlarynda Respublikan partiýasyndan wise-prezidentlige dalaşgär boldy.

Respublikan partiýasynyň prezidentlige dalaşgäri Donald Tramp özüniň wise-prezidenti wezipesine Jemýs Dewid Wensi saýlady.

– Men uly hoşallyk bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wise-prezidentligine dalaşgärlik teklibini resmi taýdna kabul edýärin – diýip, Wens Respublikan partiýasynyň Wiskonsin ştatynyň Miluoki şäherinde geçirilen milli sessiýasynda eden çykyşynda belläp geçdi.

Häzirki wagtda Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň Kongresinde 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Ogaýo ştatynyň senatory bolup durýar. Ol 2022-nji ýyldaky saýlawlarda Tramp goldaw beripdi.

Jeýms Wens 1984-nji ýylyň 2-nji awgustynda Ogaýo ştatynda dünýä indi. Wens mekdebi tamamlap, harby gulluga gitdi. Ol harby deňiz güýçlerinde gulluk edip, şol ýerde harby habarçy bolup işledi. Harby gullukdan dolanyp gelip, 2 ýylda Ogaýo uniwersitetini tamamlady. Soňra Ýel uniwersitetiniň hukuk fakultetine okuwa girdi. Soňra işewür Piter Tilýunyň maýa goýum kompaniýasyna işe girip, 2017-nji ýylda öz firmasyny döretdi.

Onuň kynçylykly geçen çagalyk durmuşyna bagyşlap ýazan “Elegiýa Hillbili” kitaby iň köp satylan kitaplaryň biri boldy.

Related posts

Moskwada Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan konsert geçirildi

Daşoguz we Balkan welaýatlarynda galla oragyna girişildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Katara sapary