SPORT

Ýewro-2024: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Germaniýada geçirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynda toparçadaky duşuşyklar tamamlandy. Ýewropa çempionatyna ilkinji gezke gatnaşýan Gruziýa soňky oýnunda Portugaliýany ýeňip, taryhynda ilkinji gezke gatnaşýan Ýewropa çempionatynda 1/8 finala çykmagy başardy.

Şeýle hem bu çempionatda Sloweniýa, Slowakiýa we Rumyniýa ýaly ýurtlaryň ýygyndylary hem netijeli oýun görkezip, 1/8 finala çykmagy başardy.

Ýewropanyň öňdebaryjy ýurtlary Belgiýa, Fransiýa, Angliýa ýaly döwletler bolsa, garaşylan oýun görkezip bilmediler.

1/8 FINALYŇ DUŞUŞYKLARY, SENELERI WE SAGATLARY

Şweýsariýa – Italiýa                   29-njy iýun sagat 21:00

Germaniýa  – Daniýa                   29-njy iýun sagat 00:00

Angliýa – Slowakiýa                  30-njy iýun sagat 21:00

Ispaniýa – Gruziýa                      30-njy iýun sagat 00:00

Fransiýa – Belgiýa                     1-nji iýul    sagat 21:00

Portugaliýa  – Sloweniýa          1-nji iýul   sagat 00:00

Rumyniýa – Niderlandlar          2-nji iýul    sagat 21:00

Awstriýa – Türkiýe                   2-nji iýul   sagat 00:00

Related posts

FIFA Klublar Dünýä Kubogy 2025-iň bijeleri çekildi

Al-Ittihad topary Benzema bilen şertnama baglaşdy – Al Ekharabiýa

«Arkadag» topary ilkinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny eýeledi