TEHNOLOGIÝA

“Meta” bilen “Apple” emeli intellekt boýunça hyzmatdaşlyk eder

“Meta Corporation” we “Apple” kompaniýalary emeli intellekt tehnologiýalary, hususan-da “Llama 3” we “Apple Intelligence” taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk barada gepleşikler geçirdi. “Wall Street Journal” neşiri bu barada habar berdi

Neşiriň habaryna görä, “Facebook” we “Instagram” -yň eýesi “Meta Corporation”kompaniýasy özüniň sanly önümlerini  “Apple” kompaniýasynyň üsti bilen “iPhone” telefonlaru arkaly paýlamakda peýdalanmagy meýilleşdirýär.

Maglumatlara görä, “Apple” potensial hyzmatdaşlaryny “Apple Intelligence” -i ulanyp, hyzmatlaryna premium abunalary satmaga çagyrýar. “Apple” abunalyk girdejileriniň bir bölegini saklamak isleýär.

 

Related posts

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Türkmenistanda 294 web saýt döredildi

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly drony görkezildi