MEDENIÝET

Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň teatr festiwaly geçiriler

Şu ýylyň oktýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň, ýagny TÜRKSOÝ-yň teatr festiwaly geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mammedowa bu teatr festiwalyna Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkiýeden teatr sungat işgärleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýle hem TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň teatr ýolbaşçylarynyň geňeşiniň nobatdaky geňeşini geçirmek meýilleşdirilýär.

2023-nji ýylda TÜRKSOÝ teatr festiwaly Azerbaýjan Respublikasynda geçirilipdi. Şonda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleri “Söýgi we hasrat” atly drama sahnasy bilen çykyş edipdi.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri