JEMGYÝET

Türkmenistanlylar Gurban baýramynda 4 gün dynç alarlar

Ýurdumyzda mukaddes Gurban baýramy 16-17-18-nji iýunda ýokary derejede bellener.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gurban baýramyny bellemek we 16-njy iýundaky dynç gününi 19-njy iýuna — çarşenbe gününe geçirmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde bellenip geçildi.

Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramyny 2024-nji ýylyň 16-17-18-njy iýunynda bellemeli.

2. 2024-nji ýylyň 16-njy iýunyndaky dynç gününi 19-njy iýuna çarşenbe gününe geçirmeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherinde gurulýan metjit bilen tanyşdy

Rusya’da Türkmen okulu açıldı

vepa

Galkınış atlı sirk grubunun gösterisi muhteşemdi

vepa