DÜNÝÄ

Türkmenabatda ýoga boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebinde gadymy ýoga sungaty boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi. Halkara ýoga güni mynasybetli geçirilen sapaklar Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenabat şäher häkimligi tarapyndan guraldy.

Dabaranyň başynda edilen çykyşlarda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ösüşi, gözbaşyny  gadymy hindi ussatlaryndan alyp gaýdýan ýoga sungatynyň taryhy we şu güni barada gürrüň edildi.

Ýoga fiziki, akyl we ruhy taýdan sagdynlygyň sungaty hasaplanylýar. «Ýoga» sözüniň manysy «Beden we aňyň birleşmesi» diýmekligi aňladýar. Onuň bilen yzygiderli meşgullanýan adamlar durmuş hakykatyna täzeçe düşünip, akyl ýetirip başlaýarlar. Ýoga maşklary bilen meşgullanylanda, içki hem-de daşky dünýäniň sazlaşygyny gazanmak bilen köp zada çynlakaý çemeleşilýär.

Halkara Ýoga güni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýär. Bu şanly sene BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylda esaslandyryldy. Ýer ýüzüniň 175 döwleti tarapyndan goldaw tapan ykrarnamany goldan döwletleriň arasynda Türkmenistan hem bar. Merjen paýtagtymyzda indi sekiz ýyldan bäri Ýoga we adaty lukmançylyk merkezi hereket edýär.

Her ýyl ýurdumyzda Hindistanyň ilçihanasynyň guramagynda Halkara ýoga güni mynasybetli köpsanly dabaralar geçirilýär. Şu ýyl şol dabaralaryň çäginde ýurdumyzyň Türkmenabat, Mary we Aşgabat şäherlerinde ussatlyk sapaklaryny geçirmek bellenildi.

Hindistanly ussat Ýogeş Şarmanyň ýolbaşçylygynda geçirilen sapak diýseň täsirli boldy. Sapaga gatnaşan ildeşlerimiz ussadyň ýerine ýetirýän maşklaryny gaýtalap, bu gadymy sungatyň ynsan synasyna ýetirýän täsirini duýmak mümkinçiligine eýe boldular. Sapagy guraýjylar şeýle çäreleriň ýygy-ýygydan geçirilmeginiň has ähmiýetli boljakdygyny nygtadylar.

Ýene-de okaň

Kanadanyň täze Premýer-ministri – Mark Karni

Zenanlaryň 200-den gowragy «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe boldular

ÝB-niň ýokary wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Dünýäniň iň uly aýsbergi ýalpaklyga oturdy

Arkadag şäherine çenli uzap gidýän ýol “Ahalteke atlary” şaýoly diýlip atlandyrylar