Sygyrlaryň Nelor tohumyna degişli “Viatina-19” diýlip atlandyrylýan ak reňkdäki sygyr dünýäniň iň gymmat sygyry hasaplanýar. Ol Braziliýada auksionda satyldy we bahasy 4.3 million dollara deňdir.
Häzirki wagtda sygyryň bu görnüşi brazil daýhan hojalyklarynyň birinde ýaşaýar. Sygyryň bu tohumynyň hasabyna ýurtda maldarçylygyň önümçilginiň artdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Onuň gymmatlygy bu sygyryň etiniň ýumşak we has tagamly bolmagy bilen baglanyşyklydyr.
Şeýle hem bu sygyrlar örän çydamlydyr. Yssy howalary ýeňil geçirýärler we az möçberdäki iým bilen hem semreýär.
Mundan başga, sygyryň bu görnüşleri üçin mör-möjekler hem gorkuly däldir. Sebäbi mör-möjekler sygyrlaryň galyň derisinden diş geçirip bilmeýärler.
Braziliýa sygyryň bu tohumy geçen asyryň 60-njy ýyllarynda Hindistandan getirilipdi.