SPORT

Mourinýo “Fenerbahçe” topary bilen şertnama baglaşdy

Dünýä belli portugal tälimçi Žoze Mourinýo Türkiýäniň “Fenerbahçe” toparyna tälim berer. Portugal hünärmen bilen türk topary bilen 2+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Gol çekişlik dabarasy türk toparynyň Stambul şäherindäki stadionynda geçirildi.
Stadiona 45 müňden gowrka janköýer ýygnandy. Jnaköýerleriň öňünde Mourinýo türk topary bilen şertnama baglaşdy.  Mourinýo bu ýerde eden çykyşynda türk futbolynyň, Türkiýäniň milli çempionatynyň ösdürilmegine goşant goşmaga taýýardygyny belledi. Ilkinji nobatda, “Fenerbahçe” toparynyň arzuwlarynyň özüniň  arzuwdydygyny belledi.
61 ýaşyndaky portugal tälimçi mundan ozal, Portugaliýanyň “Porto” we “Benfika”, Angliýanyň “Çelsi”, “Mançester Ýunaýted” we “Tottenhem”, Ispaniýanyň “Real Madrid” we Italiýanyň “Inter” we “Roma” toparlaryna tälim beripdi.
Ol şu ýylyň ýanwar aýynyň ortalarynda “Roma” toparyndaky tälimçi wezipesindne boşadyldy we şondna bäri hiç ýerde işlänok.
Türkiýäniň “Fenerbahçe” topary hem şu möwsümde 99 utuk bilen milli futbol çempionatynda 2-nji boldy.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler