BIZNES

Owganystan goňşy ýurtlardan elektrik energiýasynyň importyny artdyrar

Şu ýyl Owganystan goňşy ýurtlardan Özbegistandan, Türkmenistandan, Täjigistandan we Eýrandan elektrik energiýasyny import etmegi artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) elektrik energetika kompaniýasy habar berýär.

DABS-yň habaryna görä, geçen ýyl goňşy ýurtlardan takmynan 5,76 milliard kilowat/sagat elektrik energiýasy import edildi.

Özbegistan, Türkmenistan, Täjigistan we Eýran bilen şertnamalar baglaşyldy we şu ýyl bu ýurtlardan 6,7 milliard kilowat/sagat elektrik toguny satyn almak meýilleşdirilýär.

Geçen ýyl Owganystan Özbegistandan 105 million dollar, Täjigistandan 71 million dollar, Türkmenistandan 64 million dollar we Eýrandan 48 million dollar möçberinde elektrik energiýasyny import etdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 39 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan we Niderlandlar gämi gurluşygyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler