JEMGYÝET

Ahal welaýatynda suw arassalaýjy desga ulanylmaga berildi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna baryp, bu ýerde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kubmetr bolan suw arassalaýjy desgasynyň işe girizilmegine ak pata berdi.

Germaniýanyň, Türkiýäniň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Rumyniýanyň we Polşanyň iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen toplumyň çäginde agyz suwuny ýokary derejede arassalamaga mümkinçilik berjek binalar bilen birlikde, suw saklamaga niýetlenen ätiýaçlyk howdany hem bar. Desganyň dolandyryş merkeziniň işi dolulygyna awtomatlaşdyrylan görnüşde alnyp barylýar. Täze desga arassa agyz suwuny degişli ulgamlar boýunça ilatly ýerlere akdyryp, raýatlaryň zerurlyklaryny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz desgada döredilen şertler bilen tanşyp, «Ahalwelaýatagyzsuw» birleşiginiň ýolbaşçysyna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Senagat we durmuş maksatly döwrebap desgalaryň ulanylmaga berilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň bolelin durmuşy hakynda edilýän aladalaryň nyşanydyr.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri