JEMGYÝET

Türkmenistan-Owganystan-Gazagystan üçtaraplaýyn duşuşyk geçirdi

Owganystanyň Kabul şäherinde Owganystanyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň gatnaşmagynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Owganystanyň Senagat we söwda ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşykda Türkmenistana Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew, owgan tarapyna senagat we söwda ministri Nuriddin Azizi we gazak tarapyna Premýer-ministriň orunbasary Serik Žumangarin wekilçilik etdi.

Duşuşykda Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýanyň arasyndaky ulag arabaglanyşygy barada  pikir alşyldy. Gün tertibine görä, 3 ýurduň çäklerinde üstaşyr we ulag çykdajylaryny azaltmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň jemleri boýunça bilelikdäki tehniki topary döretmek babatda ylalaşyk gazanyldy.

Şeýle hem taraplar 3 ýurduň wekiliýeti Owganystanda ulag we üstaşyr infrastrukturany bilelikde ösdürmek babatda ylalaşdylar. Munuň üçin Hytaýdan konteýner otlularynyň Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana, şol ýerden hem Pakistan, Hindistan we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna ibermek üçin amatly şertleri döretmek göz öňünde tutuldy.

Deslapky hasaplamalara görä, Hytaýyň Sian-Urumçi sebitinden Owganystanyň Turgundi we Andhoý sebitine çenli ýükleriň daşalmagy çaltlandyrylan ugurda 10-12 günde ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherine iş sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekilini kabul etdi

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Aşgabatda saparda boldy

Tohumyňyz müňlesin, edermen pagtaçylar!

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Türkmenistanda saparda bolar

Ata Watan Eserleri