DÜNÝÄ

55 sagatlyk interwýu Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Nigeriýada Klara Çizoba Kronborg atly zenan maşgala 55 sagat 24 sekunt söhbetdeşlik geçirip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol umumy gurnan söhbetdeşlikleriniň wagty 55 sagada deň bolupdyr.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň habar bermegine görä, Klara Kronborg özüniň “YouTube” jemgyýetçilik hasabynda 55 sagat 24 sekunt dowam eden söhbetdeşligi gurnady. Kronborg bu interwýu bilen iň uzak wagt dowam eden söhbetdeşlik hökmünde rekordyň eýesi boldy.

Öz hasabynda gepleşik alyp barýan Kronborg syýasatçylar, işewürler, aktýorlar, gozgalmaýan emläk bazarynyň öňdebaryjylary we beýleki iş ugurlarynda iş alyp barýan şahsyýetler bilen söhbetdeşlikler gurnaýar. Ol dürli döwletden 90 adamdan interwýu aldy.

Söhbetdeşliklerde gepleşige çagyrylan şahsyýetiň öz ugrunda gazanan üstünliklerine orun berildi. Kronborg amerikaly Rob Oliweriň 2022-nji ýylda 37 sagat 44 minut interwýu edip, gazanan rekordyny täzeledi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri