MEDENIÝET

«Gadymy Amul: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara maslahat geçirilýär

Şu gün Türkmenabat şäherinde «Gadymy Amul: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirilýär. Düýn ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri hem-de daşary ýurtly alymlar bu halkara foruma gatnaşmak üçin Jeýhun ýakasyndaky şähere geldiler. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Halkara maslahat geçen ýylyň sentýabr aýynda üç döwletiň — Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly bilelikdäki hödürnamasynyň çäklerinde bu döwletlere degişli taryhy ýadygärlikleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulmagyna bagyşlanyp guralýar. Mälim bolşy ýaly, hödürnama ýadygärlikleriň 31-sini öz içine alyp, şolaryň 7-si Türkmenistanyň çäginde ýerleşýär. Şol ýadygärlikleriň biri-de iki müň ýyllyk taryha eýe gadymy Amul galasydyr.

Düýn maslahata gatnaşyjylar Türkmenabat şäheriniň eteginde ýerleşýän ýadygärlige baryp gördüler. Olaryň arasynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan, Beýik Britaniýadan, Özbegistandan, Gazagystandan, Täjigistandan we Gyrgyzystandan gelen alymlar, arheologlar hem bar. Halkara çäräniň gadymy gala gezelençden başlanmagy myhmanlar üçin has täsirli boldy. Bu ýerde olara geçen asyrda ýadygärlikde gazuw-agtaryş geçiren alym, RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Dünýä medeniýeti institutynyň professory Albert Burhanow Amuly öwrenmek bilen bagly işler barada gürrüň berdi. Gezelenjiň dowamynda «Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň işgärleri galadan tapylan täze gymmatlyklar bilen tanyşdyrdylar.

Günüň ikinji ýarymynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine guralan gezelençde myhmanlar şol gymmatlyklary öz gözi bilen synlamak mümkinçiligine eýe boldular. Olaryň arasynda biziň eýýamymyzdan öňki II asyra degişli gymmatlyklardyr ýakyn geçmişiň sahypalaryndan gürrüň berýän tapyndylar hem bar.

Şu gün halkara ylmy-amaly maslahat umumy mejlis we bölümçeler arkaly geçirilip, Zerewşan — Garagum geçelgesiniň ugrundaky ýadygärlikleriň dünýä mirasyndaky ähmiýetli orny onda ediljek çykyşlaryň ählisini birleşdirjek umumylyk bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy

Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi