Merkezi Aziýadan soňra Mongoloiýada saparda bolan Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kemeron bu ýurda amala aşyran saparynyň çäklerinde seýrek duş gelýän metallar boýunça hyzmatdaşlyk etmak hakyndaky ähtnama gol çekişdi. Bu barada Mongoliýanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
– Dewid Kemeronyň saparynyň çäklerinde seýrek duş gelýän metallar boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň ýol kartasy hödürlendi. Geologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ähtnama Mongoliýanyň dag-magdan we agyr senagat ministri tarapyndan gol çekildi – diýip, daşary syýasat edarasy habar berýär.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda söwda, ykdysadyýet, medeniýet, bilim, syýahatçylyk, elektron hökmüet ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alşyldy.
Mongoloiýada gazylyyp alynýan esasy baýlyklar reňkli we seýrek duş gelýän metallar, altyn, kümüş, uran we kömürdir. 2022-nji ýylda mongol geologlary seýrek duş gelýän metallaryň 4 ýatagyny tapdylar, ýurtda şeýle ýataklaryň 80-e golaýynyň bardygy bellenilýär.
