Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Gruziýanyň Parlamentiniň işi bilen tanyşmak maksady bilen 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 21-ne Gruziýa tanyşlyk iş sapary başlady.
Iş saparynyň ilkinji güni Mejlisiň wekilleriniň Gruziýa Respublikasynyň parlamentiniň Býujet we maliýe boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Gogi Meşweliani bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda Gogi Meşweliani komitetiň alyp barýan işleri, şol sanda Gruziýa Respublikasynyň parlamentde döwlet býujetiniň kabul edilişiniň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini maliýeleşdirilişiniň tertibi bilen tanyşdyrdy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili hemişelik Bitarap Döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişliginde ulag, ekologiýa diplomatiýasynyň ornuny berkitmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar özlerini gyzyklandyrýan soraglar boýunça pikir alyşdylar.
Mejlisiň wekilleri Gruziýanyň Parlamentiniň Sebit syýasaty we öz-özüňi dolandyryş boýunça komitetiniň başlygy Kahi Kahişwili we komitetiň agzalary bilen duşuşyk geçirdiler.
Duşuşygyň barşynda Kahi Kahişwili Gruziýada ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň guralyşy we bu işleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alynyp barylan işler bilen tanyşdyrdy hem-de Türkmenistan bilen parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge Gruziýanyň Parlamentiniň uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Türkmenistanyň ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamy, olaryň işiniň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde alynyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça pikir alyşdylar.
