MEDENIÝET

TÜRKSOÝ Magtymguly Pyragy ýylynyň çärelerine badalga berdi

Mälim bolşy ýaly, TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndna 2024-nji ýyl “Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilipdi. Şunuň bilen baglylykda, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara badalga bermek çäresi guraldy.

TÜRKSOÝ guramasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Ankara şäheriniň Dikmen jülgesindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikler toplumynda dabaraly çäre guraldy.

Oňa TÜRKSOÝ guramasynyň baş sekretary Sultan Raýew, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet institutynyň rektory Amanmyrat Aýdogdyýew we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Dabarada edilen çykyşlarda türkmen edebiýatynyň nyşany bolan Magtymguly Pyragynyň miras goýan dördijiliginiň ähmiýeti giňden bellenilip geçildi. Onuň diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem tutuş türki dünýäsiniň şahyrydygy bellenildi.

Çykyşlardan soňra iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna orun berildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet institutynyň “Miras” tans topary hem-de Ankara şäheriniň döwlet sungat toparynyň çykyşlary ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň sungat ussatlary aýdym-sazly kompozisiýalary ýerine ýetirdiler.

Ýene-de okaň

Aşgabadyň teatrlarynda Täze ýyl üçin teatr oýunlary görkeziler

Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl baýramçylygy çykyşlaryny hödürleýär

Türkmenistan we Ýaponiýa ýaýlymlaryň 4K görnüşinde hyzmatdaşlyk eder

Türkmen edebiýatynyň uly ýitgisi

Türkmenistanda howa -8 gradusa çenli sowar, gar gatyşykly ýagyş ýagar

Röwşen Nepesow Täze ýyl konsertine çagyrýar