JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkiýe Respublikasy Türkmenistan üçin iň ýakyn doganlyk döwlet

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mähirli salamlaşyp, mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ruhy päklik we ýokary ahlaklylyk ýaly adamzadyň belent gymmatlyklarynyň ähmiýetini ündeýän bu nurana baýramyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem-de külli musulman ymmatynda dostlugyň, özara goldaw bermegiň we raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de ýardam etjekdigine tüýs ýürekden ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, şu mukaddes baýramda Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň we onuň maşgalasynyň adyndan gutlaglary kabul etmäge örän şatdygyny aýtdy we ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň hanym Emine Ärdogana mukaddes Gadyr gijesi we Oraza baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny hem-de gutlaglaryny iberendigini belledi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dogaýy salamyny we bu mukaddes baýram mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Dostlukly ýurduň Baştutany öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýyl Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ilerletmäge uly goşant bolandygyny belledi hem-de Gahryman Arkadagymyzdan hormatly Prezidentimize mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawlary bilen mundan beýläk-de ilerlediljekdigine ynam bildirildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini hem-de häzirki wagtda türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýakynda üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde geçiren duşuşyklaryny we gepleşiklerini ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, uzakmöhletleýin, strategik ýörelgeler esasynda guralýan köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunda iki doganlyk halkyň diliniň, medeniýetiniň we ruhy taýdan umumylygynyň bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýändigi bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de tutan orazalarynyň, doga-dilegleriniň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler