SPORT

Ronaldo Saud Arabystanydaky ilkinji gyzyl kartyny aldy

Portugal ýyldyz Kristiano Ronaldonyň düzüminde oýnaýan “Al-Nasr” topary Saud Arabystanynyň Superkubogynyň ýarym finalynda düýnä rekordçysy “Al-Hilal” topary bilen duşuşdy.

Duşuşykda “Al-Hilal” topary garşydaşy “Al-Nasr” toparyny 2:1 hasabynda utdy. Şeýlelikde, “Al-Hilal” topary 11-nji aprelde Saud Arabystanynyň Superkubogyny almak ugrunda final duşuşykda “Al-Ittihad” topary bilen duşuşar.

Duşuşykda ýeňlişe sezewar bolan “Al-Nasr” toparynyň düzümindäki Kristiano Ronaldo 87-nji minutda gyzyl kart aldy. Oýnuň gyzgalaňly pursatlarynyň birinde Ronaldo tirsegi bilen garşydaşyny ýüzüne urdy. Netijede, emin gönüden-göni Ronaldo gyzyl kart görkezip, meýdançadan çykardy.

Şeýlelikde, Ronaldo Saud Arabystanyda ilkinji gyzyl kartyny aldy we üstümizdäki möwsümde hem kuboksyz galdy.

Related posts

“Oklahoma” taryhynda ilkinji gezek NBA çempiony boldy

Poçettino “PSŽ”-niň täze tälimçisi

Putin final duşuşygyny 2:2-den soň tomaşa edipdir