BIZNES

Owganystan Türkmenistanda ýene-de sergi guramagy meýilleşdirýär

Owganystanyň Senagat we söwda ministrligi ýurduň çäginde we halkara derejesinde 30-dan gowrak sergi guramak meýilnamasyny yglan etdi. Bu sergileriň sebitdäki goňşy ýurtlar we beýleki döwletler bilen söwdanyň möçberiniň artmagyna gönükdirilendigini bellenildi.
Hususan-da, Owganystanyň Senagat we söwda ministrligi Türkmenistanda, Gazagystanda, Özbegistanda, Eýranda, Türkiýede, Russiýada, Hindistanda we Hytaýda owgan harytlarynyň sergilerini geçirmegi meýilleşdirýär.
“TOLO” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, owgan işewürleriniň Gazagystanda we Türkmenistanda geçirilen sergilere gatnaşandygy we bu sergilerde şertnamalara gol çekendigi bellenilýär.
Owgan harytlarynyň ilkinji sergisi şu aýyň başynda – 4-6-njy mart aralygynda Aşgabatda geçirildi we owgan wekiliýeti tarapyndan örän netijeli bolandygy bellenilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar