DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy-barlag hyzmatdaşlygy ösdürer

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Baýramow Sukuba uniwersitetiniň wise-prezidenti we Bilelikdäki gözlegler boýunçaça ýerine ýetiriji direktory jenap Kanaho Ýsunoriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Sukuba uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki zamanyň wajyp temalarynda bilelikdäki gözleg işlerini geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar ylmy gözlegler, tejribe we bilim alyşmak, şeýle hem bilelikdäki çäreleri we maslahatlary guramak ugrundaky hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler.

Ilçi A.Baýramow Türkmenistan bilen Sukuba uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny mälim etdi we häzirki zaman dünýäsinde ylmy gatnaşyklary we bilim alyş-çalşyny ösdürmegiň möhümdigini aýtdy. Taraplar hyzmatdaşlygy we bilelikdäki ylmy işleri ösdürmek üçin geljekki ädimler we meýilnamalar barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri