DÜNÝÄ

Rimiň Kapitoliý muzeýinde Türkmenistanyň arheologiki sergisi geçiriler

2024-nji ýylyň 20-nji martynda türkmen wekiliýeti Rim şäher meriýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda dürli ulgamlarda, ilkinjileriň hatarynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhümdigini bellediler.  Şol bir wagtyň özünde, arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak babatynda ýurtlaryň arasynda uzak möhletli özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýylda Rimiň Kapitoliý muzeýinde Türkmenistanyň arheologiki sergisini geçirmek barada resminama gol çekildi.

Related posts

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine hat iberildi

Ärdogan Kasym-Žomart Tokaýewe “TOGG” kysymly elektroulagy sowgat berdi

“iPhone 11”-iň esasy ratynlygy näme?

vepa