BIZNES

Türkmenistan bilen Russiýa Hytaýa tebigy gaz ibermekde öňdeligi eýeleýär

Russiýa Federasiýasy şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda turba geçirijiler arkaly Hytaýa 1,3 milliard dollar möçberinde tebigy gaz iberdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13 göteirm köpdür. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär.

“TASS” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Russiýa tebigy gazy ibermek möçberinde Türkmenistandan yzda barýar. Türkmenistanyň bu döwürdäki iberen tebigy gazynyň möçberi 1,6 milliard dollara deňdir. Bu sanawda üçünji orunda Mýanma bolup, onuň möçberi 245,9 million dollara deňdir.

2023-nji ýylda Russiýa Hytaýa tebigy gaz eksportunyň möçberi 6,4 milliard dollara deň boldy. Geçen ýyl “Gazprom” kompaniýasy “Sila Sibir” gaz geçirijisi arkaly Hytaýa 22,7 milliard kubmetr tebigy gaz iberdi.

Related posts

Tepe Türkmen Futbol gösterilerine sponsor oldu

vepa

Nah ýüplükleriň uly tapgyry eksporta ýerlenildi

Ata Watan Eserleri

Ilkinji gezek 83 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi