Hindistan Respublikasy 1.25 milliard dollar sarp edip, emeli aň boýunça özüniň milli superkompýuterini döretmegi meýilleşdirýär. Ýurduň Ministrler Kabineti 103 milliard rupiýa (1.25 milliard dollar) möçberindäki maliýe serişdelerini emeli aň bilen baglanyşykly taslamalary ösdürmäge gönükdirmegi tassyklady.
Bu başlangyç esasynda esasy taslamalaryň biri döwrebap, kämil superkompýuteri döretmek bolar. Ol emeli aň wezipelerini ýerine ýetirmäge ukyply bolar.
Ýurduň Kommunikasiýa, elektronika we maglumat tehnologiýasy ministrliginiň habar bermegine görä, emeli aň bilen baglanyşykly taslamalara goýulýan maýa goýumlar hindi raýatlaryna peýda getirmek bilen, Hindistanyň ykdysadyýetiniň giňeldilmegine mümkinçilik berer.
Bu maliýe serişdeleri 5 ýylyň dowamynda dürli taslamalara gönükdiriler. Olaryň hatarynda emeli aň startaplary, programma goşundylaryny işläp düzmek, hasaplaýyş infrastrukturasyny ösdürmek ýaly taslamalar bar.