SPORT

“Arkadag” topary çempionaty ýeňiş bilen başlady

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Bu tapgyryň merkezi duşuşygynda geçen ýylyň çempiony “Arkadag” topary çempionatdaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary bilen duşuşan “Arkadag” topary garşydaşyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy. “Arkadag” toparyna ýeňiş getiren gollary Arslanmyrat Amanow, Didar Durdyýew hem-de Altymyrat Annadurdyýew öz atlaryna ýazdyrdylar.

Oýun gününiň beýleki duşuşyklarynda “Nebitçi” myhmançylykda “Şagadamdan”, “Ahal” “Merwden”, “Aşgabat” topary bolsa “Energetikden”  üstün çykdylar.

Geçirilen duşuşyklarda 6 utuk toplan “Ahal” topary ýaryş tertibinde öňdäki orny eýeleýär.

Futbol çempionatymyzyň 3-nji tapgyrynyň duşuşyklary 10-njy hem-de 11-nji martda geçiriler: “Nebitçi” – “Arkadag”, “Ahal” – “Şagadam”, “Köpetdag” – “Energetik”, “Aşgabat” – “Merw”.

 

2-nji tapgyryň duşuşyklary:

 “Energetik” – “Aşgabat” – 0:3

Gollar: 3 (11 m.j.u.) Hojanazar Gurbanow, 41 Begmyrat Pirgulyýew, 86 Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”)

Duýduryşlar: 2 Begenç Teýmirliýew, 39 Guwanç Ýagmyrow, 45+2 Tirkişmyrat Şamyradow (“Energetik”) – 18 Oraz Orazow, 65 Azatmuhammet Hojamuhammedow (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: “Energetik” (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Weliýew (Änew ş.)

Gözegçi emin: R.Japarow (Aşgabat ş.)

 

 “Merw” – “Ahal” – 0:1

Gol: 56 (11 m.j.u.) Ýazgylyç Gurbanow (“Ahal”)

Duýduryşlar: 12 Mukam Nazzyýew, 55 Furkat Tursunow, 81 Şazada Bäşimow (“Merw”) – 12 Meýlis Diniýew, 18 Adylbek Rawşanow (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Sport desga” stadiony (Baýramaly ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.) 

Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)

 

 “Şagadam” – “Nebitçi” – 1:2

Gollar: 53 Hydyrgeldi Atdjanow (“Şagadam”) – 42, 45+4 Döwran Berdiýew (“Nebitçi”)

Duýduryşlar: 38 Begmyrat Arbatow, 45+2 Hydyr Ýakubow, 55 Ýunus Orazmämmedow, 67 Hydyrgeldi Atdjanow (“Şagadam”) – 57 Daýanç Nuryýew, 63 Aşyrgeldi Saryýew, 90+4 Perhat Haýtjanow (“Nebitçi”)

Meýdandan çykarylan: 90+6 Begmyrat Arbatow, 2-nji duýduryş (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.) 

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

 

 “Arkadag” – “Altyn Asyr” – 3:0

Gollar: 14 Arslanmyrat Amanow, 27 Didar Durdyýew, 82 Altymyrat Annadurdyýew (“Arkadag”)

Duýduryşlar: 85 Şamämmet Hydyrow (“Arkadag”) – 58 Ahmet Nurmetow (“Altyn Asyr”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.) 

Kömekçi eminler: E.Annamyradow (Balkanabat ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

 

Çempionatyň tablisasy: 

T/b Toparlar O Ý D U T U
1.  “Ahal” FK 2 2 0 0 6-0 6
2.  “Aşgabat” FK 2 1 1 0 3-0 4
3.   “Arkadag” FK 1 1 0 0 3-0 3
4.  “Şagadam” FK 2 1 0 1 3-3 3
5. “Nebitçi” FK 2 1 0 1 2-2 3
6.  “Merw” FK 2 1 0 1 1-1 3
7.  “Köpetdag” FK 1 0 1 0 0-0 1
8.  “Altyn Asyr” FK 2 0 0 2 1-5 0
9.  “Energetik” FK 2 0 0 2 0-8 0

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler