Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň zenanlary halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan ýokary ösüşlerde mynasyp goşantlarynyň bardygy bellärliklidir.
Ýurdumyzda her ýyl Halkara zenanlar gününi ýokary derejede hem-de giňden bellenilip geçilýär. 8-nji mart – maşgala ojagyna wepalylygy bilen jemgyýetiň sazlaşygyny emele getirýän zenanlaryň bahar baýramydyr. Halkara zenanlar güni Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli däp-dessurlara laýyklykda täze many-mazmuna eýe bolup, döwlet derjesinde türkmen jemgyýetinde zenanlara uly sarpa we hormat goýulýandygyny alamatlandyrýar. 8-nji mart baýramy zenanlara bolan çäksiz söýgini sungatyň üsti bilen beýan etmek, olaryň gözelligini we ajaýyplygyny wasp etmek üçin şanly senedir. Türkmen nusgawy edebiýaty zenanlara çäksiz söýgä hem-de olara sarpa goýmak duýgularyna beslenendir.
Häzirki wagtda tutuş ýurdumyzy ata Watanymyzyň mähriban zenanlarynyň şan-şöhratyna bagyşlanan dabaralar gurşap aldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana, şeýle hem ýurdumyzyň ähli zenanlaryna kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýe alýanlara pul sowgatlaryny gowşurmak baradaky Buýruga gol çekdi.
Zenanlar barada alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek bilen bagly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gender syýasaty babatda anyk wezipeleri durmuşa geçirmäge iňňän jogapkärli çemeleşilýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda türkmen zenanlary döwlet edaralarynyň düzümlerinde – kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarda zähmet çekýärler, daşary syýasat işine gatnaşýarlar, telekeçilik bilen meşgullanýarlar, ata Watanymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Aýjahan Garlybaýewa,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.