DÜNÝÄ

ADNOC kompaniýasynyň wekiliýeti Aşgabada geldi

Birleşen Arap Emirliklerine degişli Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) pes uglerodly çözgütler we halkara ösüş boýunça ýerine ýetiriji direktory Musabbeh al Kaabiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçy düzümi bilen gepleşikler geçirip, iki ýurduň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapyndan bu duşuşyga döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, “Tükrmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew, “TAPI Pipeline Company Ltd” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Muhammetmyrat Amanow we beýlekiler gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň ýanwar aýynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi.

Bu Ähtnamanyň maksady taraplaryň «Galkynyş» gaz käniniň III tapgyryny özleşdirmek üçin strategik hyzmatdaşlary çekmek meýlinden we olaryň tebigy gazy sebitiň ýurtlaryna we beýleki döwletlere ibermek üçin gaz geçiriji infrastrukturany gurmaga degişli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliginden ybaratdyr.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Ilçisi Elizabet Rud Balkan welaýatynda boldy

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy