Ata Watan Ylhamy

Magtymgulynyň «Kerem islärin» atly goşgusyna nezire:Toýly Jänädow

Magtymgulynyň «Kerem islärin» atly goşgusyna nezire
 (Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar)

«Owwal başda Kadyr Alla,
Senden bir kerem islärin».
Berseň köňle jaý bir perzent,
Kalpdan, megerem islärin.

Ýazgydym agyrmy çenden,
«Hezl etmedim dünýe senden»,
Otuz bäş ýaş ötdi menden,
Gadyrdan perzent islärin.

Bolmak üçin arslan ýürek,
Hemem  ömrüme janserek,
Gidemden soň maňa derek,
Nesil, dowamat islärin.

 

Çaga görsem bolup maýyl,
Kysmatyma däl men kaýyl,
Öwlatlyk bolsa-da saýyl,
Göwne jigerbent  islärin.

 

Ömri otuz bäş gädeli,
«Taňry bermese, nädeli»,
Umytly gadam ädeli,
Garagöz öwlat islärin.

 

Kalbymyň mydama zary,
Höwesi hem intizary,
Göwni ýarym bolmaz ýaly,
Eýjejik bala islärin.

 

Çagasyz örmezlik üçin,
Kemsinip ýörmezlik üçin,
Kem güni görmezlik üçin,
Bir ajap perzent islärin.

 

…Bu dilegim kabul edip,

Perzent berdiň Kadyr Alla.

Dillerimiň senasysyň,

Şükürim kän Kul huwalla.

                                  2023-nji ýyl.

 

Gurjajyk gyzym

Şeýle bir eýjejik, şeýle mylaýym,

Seniň bilen nurly her günüm, aýym,

Bilseň bu dünýäde bagtdan paýym,

Meniň ýürejigim, gurjajyk gyzym.

 

Lak ataňda mähir bilen seretýär,

Gülşi bilen ýürejigmi eretýär,

Ýakymlyjam, bütin kalpda ýer edýär,

Meniň eýjejigim, gurjajyk gyzym.

 

Şeýle bir üýtgeşik seniň ýakymyň,

Mähir bilen ýüregime akymyň,

Saňa buýsanjymyň çäksiz çakymyň,

Meniň ýürejigim, eýjejik gyzym.

 

Men seni bagryma basyp gezýärin,

Sesjagazňa gulak asyp gezýärin,

Ýüregmiň  ýagyna, mähre ezýärin,

Meniň  eýjejigim, gurjajyk gyzym.

 

Men seniň waspyňy aýdyp goýmaýan,

Gül keşbiňden gana-gana doýmaýan,

Kakaň bilen ýylgyrypjyk oýnaýaň,

Meniň gurjajygym, eýjejik gyzym.

 

                                              2024-nji ýyl.

                                                  Söýgi teswiri 

Gara gözüň garasy,

Mähir bilen garady,

Aý dek nurana keşbiň,

Maňa diýseň ýarady.

 

Sen neneňsi ajaýyp,

Sen neneňsi gözelsiň.

Päk söýgümiň ykrary

Durmuşyma özensiň.

 

Seniň bilen üýtgeşik

Ýaşaýyşyň manysy.

Dünýä baky gelen dek

Göze ilmez  panysy.

 

Ynamyň hem ygraryň,

Maňa wepaň gözbaşy.

Aýdylmadyk namama,

Ykbalyma sözbaşy.

                           2024-nji ýyl.

Bilýäňmi

Bilýäňmi, ezizim bu aşyk oglan,
Bu dünýä gelende sen diýip doglan.
Seret, toý günümiz şatlyk-şagalaň,
Biziň şanymyza ter-çemen boglan.

Bilýäňmi, ezizim bu aşyk oglan,
Saňa hoş sözleri aýtmaga berlen.
Ynam-ygrar bilen, hem wepam bilen,
Seniň  päk söýgüňe bu gujak gerlen.

Bilýäňmi, ezizim bu aşyk oglan,
Seň ykbalyň öz ykbalna baglaýar.
Mähir-muhabbetli, bagtly günleriň,
Ýakymyndan aşyk kalbyn çaglaýar.

2016-njy ýyl.

                Gyzlar


Gyzlar, gyzlar, gözel gyzlar,
Aşygyna özel gyzlar,
Siz barkaňyz bu dünýäde,
Ýaşamagam hezil gyzlar.

Juwanlygyň synmaz erki,
Päk söýgi-de wepaň berki,
Ýaşaýşyň gözel görki,
Siziň bilen ajap gyzlar.

Manysy ýigit ömrümiň,
Ýakymy ýaşlyk döwrümiň,
Bükgüldän juwan böwrümiň,
Yşk hasraty bolan gyzlar.

  2006-nji ýyl.

Aýralyk 

 

Aýralyk  näme sen bela-betermi,

Ýa-da  yşga garşy dörän keselmi,

Duýgusyna bäs gelmedik bu ýigdiň,

Ýüreginden diýlen ýigrenç setirmi.

 

Aýralyk men saňa düşnüp bilemok,

Ýüregim ynjaýar, derdim güýjeýär,

Ýarly günler göz öňümden geçende,

Bir pursat hem  bolsa, durmuş süýjeýär.

 

Aýralyk, neneňsi zalym hasrat sen,

Gözel ýaryň didaryna zar eden.

Ýüregimde dörän bu päk söýgüme,

Gowuşdyrman kysmatymy har eden.

 

Aýralyk, neneňsi otly alaw sen,

Aşygy, magşugy ýürekden ýakan.

Hasratyňa döz gelmedik pursatlar,

Jebir-jepa bilen gursaga akar.

 

Gatbar-gatbar kitap baryn agtaryp,

Aýralyk derdiňe şypa tapamok,

Söýgüde utduryp, ezýet berseň-de,

Ýatlamalaň sahypasyn ýapamok.

 

Aýralyk näme sen, bela-betermi?

Ýa-da yşga garşy dörän keselmi?

Duýgusyna bäs gelmedik bu ýigdiň,

Ýüreginden diýlen otly setirmi?

 

                                             2008-nji ýyl. 

 

  •  Toýly Jänädow
  • Mary welaýatynyň Mary etrabynyň  Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy

 

 

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar ýaşlaryň ýaşlar Forumy:   Toýly Jänädow

Ata Watan Eserleri

Ýaşlar watanyň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri.

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri–bagtyň şäheri

Ata Watan Eserleri

            Arkadagly ýaşlaryň şäheri.

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri-bagtyñ şäheri.

Ata Watan Eserleri