JEMGYÝET

TÜRKSOÝ-da Änew we Magtymgula bagyşlanan çäreler badalga aldy

2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda Ankara şäherinde ýerleşýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretariatynda 2024-nji ýylda Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegi, şeýle hem beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna mynasybetli taýýarlanan banneriň açylyş dabarasy geçirildi.

TÜRKSOÝ-yň binasynyň öňünde geçirilen dabara Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, şeýle hem diplomatik wekilhanalaryň, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we KHBS-iň wekilleri gatnaşdy.

Şeýlelikde, bu çäre medeni-ynsanperwer nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara jemgiýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.

Related posts

Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagy maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi

Türkmen-türk syýasy geňeşmeler geçirildi