BILIM

Dil merkezlerinde okaýanlaryň arasynda bäsleşik geçirildi

18-nji fewralda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynda eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşiginiň Aşgabat we Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilýän bu Döwlet bäsleşiginiň nobatdaky tapgyry iňlis we rus dilleri boýunça geçirildi.

Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa gatnaşyjylar ýaş aýratynlyklary boýunça 3 topardan ybarat boldy. Olimpiada iňlis dili boýunça 100-den gowrak diňleýji gatnaşan bolsa, rus dili boýunça 60-dan gowrak diňleýji gatnaşdy. Biri-birinden ezber ýaşlar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Guramaçylar tarapyndan düzülen eminler topary diňleýjilere adalatly baha berdiler. Netijede::

  • «Kämil bilim» okuw merkezinden 13 diňleýji;
  • «Zehin ýoly» okuw merkezinden 12 diňleýji;
  • «Gujurly bilim merkezinden» 6 diňleýji;
  • «Dana» bilim merkezinden 3 diňleýji;
  • TSTB Telekeçiler merkezinden 2 diňleýji;
  • «Bilim çeşmesi» okuw merkezinden 1 diňleýji

bäsleşigiň ýurdumyz boýunça geçiriljek Döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşigiň Döwlet tapgyry 2024-nji ýylyň 10-njy martynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynda geçiriler.

 

 

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar