Gyrgyz Respublikasyndaky ÝHHG-niň Akademiýasy her ýyl ykdysadyýet ugry boýunça bakalawr maksatnamasyna 25 talyp kabul edýär. Bu gündizki okuw maksatnamasy bolup, 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda başlaýar. Okwu döwründe talyplar Bişkekde ýaşarlar.
ÝHHG-niň akademiýasy şu şakdaky maliýe goldawyny/talyp hakyny berer:
- Okuw töleginden boşadýar.
- Her aý 300 ýewro talyp haky.
- Gidi-geliş (ekonom klasda) uçar bileti, wiza üçin tölegler.
- Hyzmatdaş guramalara iş tejribeçiligine ibermek (Akademiýanyň talaplaryna laýyk gelýän talyplar)
Bu maksatnama gatnaşmaga hukugy bolanlar:
- Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan we ÝHHG-niň beýleki agza döwletleriniň raýatlary
- Orta umumy ýa-da orta hünärment mekdebi üstünlikli tamamlanlar (orta bilim hakyndaky şahadtanama ýa-da orta hünärment mekdebiniň diplomy)
- oňat derejede iňlis dilini bilmeli
HALKARA DALAŞGÄRLERIŇ ÝÜZ TUTMAK IŞI:
- 1-nji tapgyr – 2024-nji ýylyň 25-nji martyna çenli onlaýn sowalnama bilen hasaba durmaly.
- Synaga diňe gysga sanawa giren dalaşgärler çagyrylýar.
- 2-nji tapgyr – giriş synagy matematika dersinden bolar. Iňlis dili bilýändigi synag ediler.
- 3-nji tapgry – onlaýn söhbetdeşlik
- 4-nji tapgyr – Bilim we ylym ministrliginiň portalyndan hasaba durmaly: https://edugate.edu.gov.kg/.
Goşmaça maglumat üçin şu elektron-poçtadna habarlaşyp bilersiňiz: ba-admission@osce-academy.net.
