JEMGYÝET

Türkmenistanyň tebigy gazyny Türkiýä ibermek boýunça möhüm duşuşyk

Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konseriniň wekiliýeti bilen Türkiýäniň “Botaş” kompaniýasynyň wekiliýetiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Ankara şäherinde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň tebigy gazyny Türkiýä we soňlugy bilen Ýewropa ibermek boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

“Botaş” kompaniýasynyň habar bermegine görä, Türkiýäniň “Botaş” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Abdulwahit Fidan bilen “Türkmengaz” döwlet konseriniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejelesine kanagatlanma bildirilip, türkmen gazynyň Türkiýä iberilmegi babatda Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň başlangyjy esasynda bu ugurdaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türk tarapy bu babatda Türkmenistana hemmetaraplaýyn goldawy bermäge taýýardygyny bellenildi. Türkmen gazynyň Türkiýä we Ýewropa iberilmegi babatda iki ýurduň degişli edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi.

2022=nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň arasynda gol çekilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen ähtnamanyň esasynda Ankaradaky duşuşygyň ähmiýeti bellenilip geçildi.

Geçirilmeli işleriň çäginde, birinji tapgyrda Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä ibermek, gysga we uzak möhletde bu gaz Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa satylar.

Türkiýe Russiýa bilen bir hatarda Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň tebigy gazyny satyn alar, suwuklandyrylan gazy üpjün eder we Ýewropa eksport eder, şeýlelik bilen Türkiýe Respublikasy esasy gaz merkezine öwürer.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy