Hindistanyň tans topary Aşgabatda özüniň çykyşyny gurnar. Oňa Prajakta Atre ýolbaşçylyk eder. Hindi sungat ussatlarynyň çykyşy 26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler.
Hindi artistleri Demirgazyk Hindistanyň meşhur “Kathak” tansyny ýerine ýetirer. Bu tans görnüşi ýurduň milli tanslarynyň biridir. Häzirki döwürde has-da kämilleşdirilip, uly meşhurlyga eýe boldy.
Şeýle hem hindi tans topary türkmen kärdeşlerine ussatlyk saparygy gurar. Şeýle hem 26-njy ýanwarda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda hem görkezme çykyşlary bolar.
Bu mednei çäreler Hindistanyň 26-njy ýanwarda belläp geçýän milli baýramçylygy – Hindistanyň Güni baýramçylygyna bagyşlanandyr.
