BIZNES

Türkmenistan bilen Singapur söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirer

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda edaranyň hem-de Singapur döwletiniň Söwda we Senagat ministrliginiň wekilleriniň arasynda  wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygyň dowamynda iki ýurduň işewürleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirilýändigine aýratyn ähmiýet berlip, onuň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda durlup geçildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda, Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan ─ Singapur: özara hyzmatdaşlygyň ugrunda akylly şäher, ýaşyl energetika, telekommunikasiýa, lukmançylyk we bilim ulgamlaryndaky hyzmatlar we tejribeler boýunça teklipler hödürlenildi.

Related posts

Owganystanda ýagdaýlaryň kadalaşmagy TOPH taslamasyny ilerletmäge ýardam edýär

Hytaý Täjigistanda elektromobil öndürer

Hytaý Merkezi Aziýadan 10.97 milliard dollarlyk tebigy gaz satyn saldy

Ata Watan Eserleri