BILIM

Arkadag şäherinde halkara matematika olimpiadasy geçiriler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Arkadag şäherinde geçiriljek halkara matematika olimpiadasy barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow ylym, bilim ulgamynyň edaralarynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilip geçilişi ýaly, mart aýynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagyna halkara matematika olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz mekdep okuwçylarynyň arasynda geçiriljek halkara matematika olimpiadasyna gowy taýýarlyk görmek hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ozal hem habar berlişi ýaly, 2024-nji ýylyň mart aýynyň üçünji ongünlüginde Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň arasynda Halkara matematika olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara olimpiadalaryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mekdep okuwçylary bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň abraýly okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň  gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Saady Şirazyny hatyralamak gününe bagyşlanyp goşgy bäsleşigi geçirildi

3000-den gowrak gazak talyby ABŞ-da bilim alýar

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ylmy maslahat geçirildi

Türkmenistan “THE Asia Universities Summit 2026” çäresine gatnaşýar

Aşgabatda Halkara hytaý dili güni bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet uniwersiteti Italiýanyň uniwersiteti bilen ylalaşyga gol çekişdi