Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň 9-njy agtygy dünýä indi. Prezident Ärdoganyň gyzy Sümeýýe Baýraktaryň 2-nji çagasy boldy.
Prezident Ärdogan we onuň maşgalasy Emine Ärdogan gyzy Sümeýýe Baýraktar we onuň ýanýoldaşy Selçuk Baýraktary hassahanada baryp gördi.
Ärdogan hassahanada agtygynyň hem-de gyzynyň ýagdaýy bilen gyzyklandy we agtygynyň gulagyna onuň adyny okady. Täze doglan bäbege Asym Özdemir ady berildi.
Prezident Ärdoganyň gyzy Esranyň 4 çagasy, ogly Bilalyň bolsa, 3 çagasy bar.
