MEDENIÝET

Teýlor Swift Maýkl Jeksonyň rekordyny täzeledi

“Forbes” žurnaly tarapyndan taýýarlanan “Iň güýçli zenanlary” sanawynda bäşinji orny eýelän we “Time” žurnaly tarapyndan ýylyň şahsyýeti diýlip yglan edilen Teýlor Swift täze rekordyň eýesi boldy. Zenan aýdymçynyň “Teýlor Swift: Eras syýahaty” atly dokumental filmi häzirki döwürde iň köp tomaşa edilen film boldy.

Film dünýäde 261,6 million dollar gazanyp, häzirki döwürde iň köp girdeji gazanan konsert / dokumental film boldy. Swiftiň bu rekordy täzelemeginiň sebäbi filmiň Hytaýda görkezilmesi we ýene 8,7 million dollar girdeji gazanmagy boldy.

Şeýlelikde, Teýlor Swift bu ugurda meşhur aýdymçy Maýkl Jeksondan öňe saýlandy. Pop aýdym-saz sungatynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy Maýkl Jeksonyň 2009-njy ýyldaky “This Is It” atly konsert/dokumental filmi dünýäde 181,9 million dollar gazanypdy.

Mundan ozal, Swift ýene-de bir meşhur aýdymçy Elwis Presliniň hem rekordyny täzeläpdi.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri