BILIM

Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk orta mekdep gurlar

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap, umumybilim berýän orta mekdebi we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy gurlar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ylym-bilim pudagynyň binýadyny pugtalandyrmaga we onuň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gönükdirilen işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap, umumybilim berýän orta mekdebini we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigi barada tabşyryklar berdi.

Related posts

Talyp-2022:Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebi

Ata Watan Eserleri

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Açyk gapylar» güni geçiriler

Ata Watan Eserleri

Harby-deňiz instituty okuwa çagyrýar