DÜNÝÄ

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý ediň!

Maşgala baýramçylygy bolan Täze ýyl baýramçylygy barha golaýlap gelýär. Bu döwürde öýlerde Täze ýyl arçasyny bezemeklige aýratyn üns bermek zerurdyr. Bu babatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn Howpsuzlyk gullugy Täze ýyl arçasy bezelende ýangyn hopwsuzlygyň düzgünlerini berjaý etmegi ýatladýar. Bu babatda gulluk tarapyndan “Altyn asyr” öýjükli telefon arkaly ildeşlerimize sms-habarnamasy iberildi.

Onda şeýle diýilýär:

– Hormatly watandaşlar! Täze ýyl arçasyny bezäniňizde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý edip, olaryň golaýynda feýerwerkleri we bengal otlaryny ýakmagyň, şeýle hem kiçi ýaşly çagalary öýde ýeke galdyrmagyň howpludygyny ýatladýarys.

                                                                                                           TIIM-niň ÝHG.

 

Related posts

Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni Türkmenistanda bellendi

Awazada Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň duşuşygy

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti başlady