JEMGYÝET

Arkadag şäheri Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Täze ýyl baýramyna taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, ilata söwda hyzmatlarynyň guralyşy bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde bolmagynyň çäklerinde hereket edýän söwda toplumlarynyň, aýratyn-da, “Gökdere” söwda merkeziniň işi, bu ýerde söwdanyň guralyşy we halkymyza hödürlenilýän önümleriň hem-de harytlaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Merkeziň tekjelerinde azyk we senagat harytlarynyň köp görnüşleri ýerleşdirilip, olar hil we elýeterli baha babatda häzirki zaman talaplaryna we halkymyzyň ösen islegine doly kybap gelýär.

Şol bir wagtyň özünde merkezde elektron söwdanyň, ýagny sanly ulgam arkaly söwda hyzmatlary amala aşyrylýar. Söwda merkezinde azyk harytlarynyň hödürlenýän zolagyna aýratyn möçberli çägiň bölünip berilmegi adamlaryň bu önümlere bolan isleginiň doly derejede kanagatlandyrylmagy ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Olarda et, balyk, taýýar önümler, gaýtadan işleýän senagatyň önümleri, unaş, çörek we çörek önümleri, ter gök we miwe önümleri alyjylara hödürlenýär. Şeýle hem merkeziň çäklerinde unuň, däneli önümleriň dürli görnüşleri, olaryň gaplanan we gaplanmadyk görnüşleriniň bardygyny bellemeli.

Türkmen halkynyň Milli Lideri merkeziň işgärleriniň alyp barýan işlerine minnetdarlygyň nyşany hökmünde olaryň her birine Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli toý sowgatlaryny gowşurdy we olara mundan beýläk-de netijeli işläp halkymyzyň alkyşlaryna mynasyp bolmaklaryny arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ikinji tapgyrda meýilleşdirilen önümçilik toplumlarynyň gurluşyklaryna bolan gatnaşyklary, şeýle hem bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşdiriljek ýerleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler