Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda peder ýoluny mynasyp dowam edip, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýar, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da rowaçlandyrmak üçin taýsyz tagallalary edýär.
«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen çuň many-mazmuna ýugrulan şygaryny ýörelge edip durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlar syýasaty barha dabaralanýar.
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan taryhy üstünliklerimizde ýaşlarymyza uly orun degişlidir. Bagtyýar ýaşlarymyz ata Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy bilen berk baglydyr” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şu ýylda bilimde, ylymda, sportda, medeniýetde, senagatda, oba hojalygynda, ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda ýaş nesliň wekilleriniň uly üstünliklere eýe bolandygyny, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejeli ýaryşlarda, olimpiadalarda-da döwletimiziň tuguny belentde parladyp, uly ýeňişleri gazanandyklaryny kanagatlanma bilen aýdyp geçen hormatly Prezidentimiz ýylyň ahyrynda ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler. Bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jeminiň jemlenjekdigini bellemegi biz bagtyýar ýaşlaryň başyny göge ýetirdi.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýaşlar üçin uly üstünlikler ýyly boldy. Üstümizdäki ýylda türkmen talpylary halkara bilim olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Golaýda paýtagtymyz Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçirilip, onda hem ýaş türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş hem-de bürünç medallaryň eýeleri bolmagyň hötdesinden geldiler.
Biziň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary hem dürli derejedäki halkara hem-de milli sport we bilim ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary gazanmagy başarýarlar. Golaýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça ikinji gezek geçirilen halkara internet bäsleşiginde hem biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplary üstünlikli çykyş etdiler.
Ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň şahsy başlangyçlaryny durmuşa ornaşdyrmak ugrunda giň maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Esasan hem ýurdumyzda ösen aň-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleriň kemala gelmegini gazanmakda alnyp barylýan işler, amala aşyrylýan özgertmeler döwlet syýasatymyzyň esasy ugry hökmünde kesgitlenilýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda başyny başlan beýik özgertmeleri berkarar döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilýär.
Biz täze taryhy eýýamda özümiz hakynda edilýän aladalara göreldeli okuwymyz bilen mynasyp jogap bermeklige çalyşýarys. Şeýle-de ýaşlara okamak, hünär öwrenmek babatda giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, döwletli işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.
Begenç Seýitgulyýew,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby.