SPORT

Bellingem “Golden Boy” baýragyna mynasyp boldy

“Real Madrid” toparynyň iňlis futbolçysy Jud Bellingem “Golden boy” baýragyna mynasyp boldy. Bellingem 21 ýaşa çenli ýaş futbolçylaryň arasynda geçirilýän hem-de Italiýanyň Turin şäheriniň “Tuttosport” gazeti tarapyndan berilýän “Golden boy” baýragyny eýelemegi başardy.

Ýaş futbolçy bu baýragy gazanmak üçin Musaila, Wirts, Zair-Emeri ýaly ýaş futbolçylar bilen bäsleşdi. “Barselona” toparynyň ýaş futbolçysy Lamin Ýamal “Golden boý” baýragyna dalaşgär görkezilen we ilkinji üçlükde orun alandygy üçin “The Youngest” sylagy bilen sylaglandy.

Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň hüjümçisi Erling Holand bolsa, “Tuttosport” gazeti tarapyndan geçen möwsümiň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi.

Related posts

Çempionlar ligasynda pleý-off tapgyryna çykan toparlar belli boldy

“Bawariýada” galarmy ýa-da “Çelsi” toparyna geçer

Ata Watan Eserleri

“Enfieldde” Salahyň gijesi

Ata Watan Eserleri