BIZNES

“CASCA+” geçelgesinde Türkmenistana aýratyn orun degişli

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa” (“CASCA+”) halkara multimodal üstaşyr ulag ugry boýunça agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. Çärä Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, logistika kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Duşuşyk logistik düzümleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, “CASCA+” ulag geçelgesiniň işjeňleşdirilmegi, awtoulag, deňiz, demir ýol we howa ulaglary bilen ýük daşamalarda ulag mümkinçiligini durmuşa geçirmek maksady bilen, gatnaşyjy ýurtlaryň tejribe alyşmagy bilen bagly meselelere bagyşlandy.

Merkezi Aziýanyň we Günorta Kawkazyň ýurtlary Ýewraziýa sebitindäki üstaşyr ulag geçelgelerinde möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu döwletleriň gatnaşmagynda multimodal ulag ugurlaryna uly ähmiýet berilýär. “CASCA+” ugrunyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Ýewropa halkara multimodal ugrunyň hil taýdan täze görnüşdäki dowamydygyny bellemek gerek. Bu ugur 2019-njy ýylda Daşkentde agzalan ýurtlaryň döwlet demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda döredildi. Türkiýe 2021-nji ýylyň dekabr aýynda taslama goşuldy.

Häzirki wagtda “CASCA+” geçelgesi 3 sebiti — Merkezi Aziýany (Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan), Günorta Kawkazy (Azerbaýjan, Gruziýa), şeýle hem Anadoly sebitini (Türkiýe) öz içine alýar. “CASCA” bu sebitleriň iňlis dilindäki atlarynyň gysgaldylan görnüşidir. Ulag geçelgesiniň adyndaky “+” belgisi bolsa Günorta-Gündogar Aziýanyň döwletlerini, hususan-da, Hytaýy Ýewropa bilen birleşdirmegi maksat edinýän ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalara gyzyklanma bildirýän täze gatnaşyjylary kabul etmäge taýýarlygy aňladýar.

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropanyň arasynda ulag arabaglanyşygynyň üpjün edilmegi bu ugruň esasy maksatlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 46 wagondan we 91 konteýnerden ybarat bolan otlynyň Özbegistandan Bolgariýa ugramagy möhüm waka boldy. Otly “CASCA+” geçelgesine gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ugradyldy we Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Bolgariýa ugry boýunça 4 müň kilometrden gowrak ýoly geçdi. Şeýle otlularyň bu ugur boýunça yzygiderli esasda hereket etmegi esasy wezipe bolup durýar. Iki deňziň we köp sanly ýurduň üstünden geçýän ugruň multimodallygy bu geçelgäniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmaga şert döredýär. Işe girizilenden bäri bu ugur boýunça konteýnerleriň 30 müňe golaýy daşaldy. Bu taslamada Türkmenistana aýratyn orun degişlidir.

Geçen döwürde agzalan geçelge boýunça ýük daşamalarda ýurdumyzyň paýyna import ugry boýunça 9 müň, eksport ugry boýunça 12 müň we üstaşyr ýük daşamalarda 9 müň konteýner düşdi. Operatorlar şu ýylda konteýner ýük daşamalarynyň möçberini 30 müňe çenli ýetirmegi maksat edinýärler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder