DÜNÝÄ

Türkmenistan IAEA-nyň täze konwensiýalaryna goşuldy

Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň (IAEA) Wenadaky baş binasynda Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisi H.Amannazarowyň Agentligiň baş direktory Rafael Grossä Türkmenistanyň Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky konwensiýa hem-de Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky konwensiýa goşulýandygy baradaky güwänamalary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Dabaranyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen IAEA-niň arasyndaky hyzmatdaşlyga oňyn baha berdiler hem-de öňde duran wezipeler barada özara pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisi agzalan Konwensiýalara goşulmagy 2023-nji ýylyň oktýabrynda goldady. Bu konwensiýalara goşulmak baradaky güwänamalar gowşurulandan soň 30 günden bu Konwensiýalar Türkmenistan üçin güýje girýär.

Related posts

Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar ösdürilýär

Wladimir Putin Hindistana döwlet sapary bilen bardy

Ýewropa komissary Ýozef Sikelanyň Aşgabada sapary