DÜNÝÄ

“Nippon” gaznasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistana sapar bilen gelen “Nippon” gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Ýuji Mori bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar babatynda netijeli hyzmatdaşlygy bellediler.

Dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklar barada nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde, türkmen tarapy köp ýyllaryň dowamynda öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öndürijilikli işleýändigini belledi.

Şu nukdaýnazardan, taraplar “Nippon” gaznasynyň “JACAFA”, “NipCA”, “Read Japan” we ş.m. taslamalar boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň we berkitmegiň çäginde birnäçe möhüm ugurlar barada pikir alyşdylar.

Ýaşlar syýasaty ulgamynda taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ugurlarynda netijeli özara gatnaşyklaryň ösüşiniň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar

Türki siwilizasiýasynyň merkeziniň düýbi tutuldy