Astana bolan iş saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi.
Taraplar türkmen-gazak özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.
Milli Liderimiz söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meselesine ünsi çekip, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda haryt dolanyşygyny artdyrmak hem-de iberilýän harytlaryň sanawyny giňeltmek boýunça iş toparynyň işini güýçlendirmek; Türkmen-gazak işewürler geňeşiniň birinji mejlisini geçirmek; iki döwletiň paýtagtlarynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň söwda öýlerini açmak mümkinçiligine seretmek; Balkan welaýatynyň we Mangistau oblastynyň serhedinde serhetýaka söwda merkezini döretmek meselesini öwrenmäge girişmek bilen bagly teklipleri öňe sürdi.
Milli Liderimiz duşuşykda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transkontinental demir ýol gatnawynyň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn peýdalanmak babatda utgaşdyrylan çäreleri dowam etdirmek, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Pars aýlagynyň portlaryna çykmak bilen, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag geçelgesini döretmek, Türkmenbaşy we Aktau portlarynyň arasynda gatnawlary işjeňleşdirmek meselesi barada-da durup geçdi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Gazagystana türkmen tebigy gazyny ibermek boýunça ikitaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirmäge taýýardygy tassyklanyp, ýakyn wagtda iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we kompaniýalarynyň arasynda duşuşyklary guramagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.