JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleuny kabul etdi. Bu barada Gazagystanyň “Kazinform” habarlar gullugy habar berýär.

– Bilşiňiz ýaly, men Türkmenistana 3 gün mundan ozal geldim. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. Şeýle hem “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şeýle hem saparyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdym – diýip, daşary işler ministri habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentine Gazagystanyň Prezidentiniň mähirli salamyny ýetirendigini bellän ministr Murat Nurtleu ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşylandygyny, şeýle hem BMG, YHG, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy ýaly halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki köptaraplaýyn gatnaşyklar boýunça pikir alşylandygyny belledi.

Şeýle hem Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigini belläp, geljekde ikitaraplaýyn söwdanyň möçberini 1 milliard dollara ýetirmegiň meýilleşdirilýändigini mälim etdi.

Ýene-de okaň

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy