DÜNÝÄ

Türkiýede ýaşamak üçin rugsatnama (ikamet) barada…

Türkiýe Respublikasynda gozgalmaýan emlägiň eýesi bolanlara  ýaşamak üçin rugsatnama (ikamet) almagyň şertlerine käbir üýtgetmeler girizildi.

Bilşimiz ýaly, daşary ýurtly raýatlar üçin Türkiýede gozgalmaýan emläk satyn alyp, ýaşamak üçin rugsatnama almaga mümkinçilik döredilýär.

Tùrk metbugatyndaky habarlara göra,  2023-nji ýylyň 16-njy oktýabryndan başlap, ýaşamak üçin rugsatnama üçin satyn alnan gozgalmaýan emlägiň bahasynyň 200 müň dollara barabar bolmagy zerurdyr. Ozal bu görkeziji  2022 nji yyln aprel ayyndan bari 75 müň dollara deňdi. Türkiýäniň Migrasiýa edarasyna jaň edilip, bu baradaky habarlaryñ dogrydygy anyklanlyldy.

Bellemeli zat, daşary ýurtly raýatlaryň Türkiýäniň raýatlygyny almagy üçin göz öňünde tutulan gozgalmaýan emlägiň bahasy 250 müňden 400 müň dollara ýetirilipdi.

Terjime üçin “Makul Hyzmat” terjime merkezine ýüz tutuň!

Related posts

Warşawada Türkmenistanyň konsullyk edarasy açylar

Ata Watan Eserleri

Sportmen Lider yine ustalığını konuşturdu

vepa

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň daşary işler ministrleriniň onlaýn duşuşygy